Saud Arabystany Patyşalygynyň daglarynda we çöllerinde dekabryň ortasynda garaşylmadyk gar ýagdy diýip, garly görnüşleri çap eden ýerli teleýaýlym habar berdi.
Arap ýarymadasy üçin seýrek bolan howa hadysasyna birnäçe sebitleriň ýaşaýjylary gözli şaýat boldular. Howanyň derejesi noldan aşak düşdi, ýollarda taýgançaklyk döredi. Er-Riýadyň mekdep okuwçylary uzak aralykdan okatmaga geçirildi.
Howa maglumaty gullugy ýurduň demirgazyk etraplarynda garyň dowam etjekdigini çaklaýar.

