Ýylyň başyndan bäri süýji-köke öndürýän kärhanalardaky artyş depgini 13 göterime golaýlady. Geçen ýyl 2 müň 854 tonna süýji-köke öndüren lebaply konditerçiler şu ýyldaky önümçiligi 3 müň 219 tonna ýetirdiler. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Mineral suwlardyr alkogolsyz içgileriň önümçiligindäki artyş depgini bolsa 18 göterimden hem geçýär. Önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 100 müň dekalitrden hem artdyran kärhanalar bu içgileri 656 müň tonna ýetirdiler.
Geçen ýylyň 11 aýynda miwelerdir gök önümleriň 96 müň bankadan gowragyny öndüren welaýatyň zähmetkeşleri 2025-nji ýylda önümçiligi 113,5 müň bankadan geçirdiler. Şeýlelikde şu ýyl 17 müň bankadan gowrak önüm köp taýýarlanyldy. Bu bolsa artyş depgininiň 18 göterime golaýlandygyny görkezýär.
Şoňa golaý ösüş (17,5 göterim) unaş önümçiliginde hem gazanyldy. Ýylyň başyndan bäri welaýatda öndürilen unaşyň mukdary 531 müň tonna ýetdi. Bu bolsa geçen ýyldakydan 80 tonna golaý köpdür. Galladan alynýan başga bir önümiň — ýarmanyň önümçiligindäki artyş 24 göterime golaýlap, welaýatda bu önümiň 17 müň 175 tonnasy öndürildi. Şu ýylky önümçilik geçen ýyldakydan 3 müň 300 tonna golaý köp boldy.

