Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Täze ýyl baýramyna bagyşlap, Berdi Kerbabaýewiň «Jonnuk batyr» eseri esasynda çagalar üçin «Tokaýdaky Täze ýyl» atly sahna oýnuny taýýarlady. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
«Jonnuk batyr» eserini sahna diline zehinli režissýor Suraý Rahmanowa geçiripdir hem-de sahnalaşdyrypdyr.
Sahna oýnundaky wakalar tokaýda dürli haýwanlaryň gatnaşmaklarynda bolup geçýär. Erteki-sahna oýnunyň baş gahrymanlarynyň biri Jonnuk batyryň aty tokaýda aýa duşýar. Aýynyň ony münmegi, çapdyrmagy aty halys ysgyndan düşürýär. At gorkujygyna horlugynyň sebäplerini Jonnuk batyra aýdyp bilmeýär. Bu ýerde Jonnuk batyryň, onuň aty Tulparyň hem-de aýynyň keşplerini döreden Çary Eýeberenowyň, Kakajan Taýlyýewiň we Bagtyýar Dolyýewiň zähmetleriniň ýerine düşendigini belläp geçmek bolar.
Täze sahna eseriniň ynandyryjy çykmagy üçin teatryň suratkeşi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň, saz bezegini ýerine ýetiren Ruslan Hemraýewiň hem uly tagalla edendikleri görünýär.
Teatryň döredijilik toparynyň sahnada bir bitewi eseri döredip bilendiklerini, sahna ussatlarynyň haýwanlaryň çaga kalbynda galyp biljek keşplerine girmekligi başarandyklaryny aýtmak bolar.

