Tokiodo iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün «Akasaka» köşgünde resmi agşamlyk naharyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Tokioda ýapon Parlamentiniň wekilleri, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşyklary geçirdi.
Duşuşyklardan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni «Akasaka» köşgüne geldi. Köşgüň girelgesinde döwlet Baştutanyny Ýaponiýanyň Premýer-ministri mähirli garşylady. Bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

