Şu gün Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň önümçilik toplumynyň çäginde gurlan, şeýle-de Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän «Eziz dag» hojalyk jemgyýetine degişli bolan gök önümlerini ösdürip ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen döwrebap ýyladyşhanasy ösen döwletleriň belli kompaniýalarynda öndürilen enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerdäki ähli işler döwrebap tehnologiýalara, işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.
Gök önümleriň dürli görnüşlerini ödürip ýetişdirmäge niýetlenilen ekerançylyk meýdany 10 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 13,6 gektara barabar bolan ýyladyşhana birbada täze iş orunlarynyň 150-den gowragyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ulanylmaga berlen ýyladyşhananyň ýyllyk kuwwaty 2000 tonna barabardyr. Ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk ýetişýän pomidorlary ýygnamak işi geljek ýylyň tomus aýyna çenli dowam eder.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän «Eziz dag» hojalyk jemgyýetine degişli bolan gök önümlerini ösdürip ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanada pomidorlaryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýylda 2000 tonnalyk önümçilik kuwwaty bolan ýyladyşhana Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Eziz dag» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Onuň tutýan meýdany tutuşlygyna suwaryş we ýyladyş ulgamlary bilen gurşalyp, bu enjamlar kompýuteriň üsti bilen sazlanýar.
Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän her bir pomidor düýbüne aýratynlykda ideg edilýär we goşmaça iýmit bilen iýmitlendirilýär. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 12 gektara deň bolup, onda pomidoryň 9 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.

