Hindi awiakompaniýasy ýolagçy uçaryny ýitirip, aradan 13 ýyl geçenden soňra ony tötänden tapdy. Uçar Kalkutta şäheriniň howa menzilinde 2012-nji ýylda taşlanypdyr. Kompaniýa onuň şol ýerdedigini howa menziliniň wekilleri uçary aýyrmagy haýyş edenden soňra bilipdirler. Şeýle-de howa menzili gatnadyja uçary saklandygy üçin 85 müň funt sterling möçberde töleg tölemek barada duýdurypdyr.
Awiakompaniýa uçaryň ilkibaşda 2007-nji ýylda öňdebaryjy howa gatnadyjy bilen birleşen «Indian Airlines» döwlet kompaniýasynyň hasabynda durandygyny, soňra ony Hindistanyň poçta gullugynyň ýük gatnawlary üçin kärendesine alandygyny habar beripdir.
Uçar köp ýyl mundan öň hasapdan öçürilipdir, hatda resminamalarda-da agzalmandyr. Netijede, gatnadyjy onuň özüne degişldigini hem bilmändir we ony gözlemek barada hiç hili çäre görmändir diýip, «The Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

