18-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň bilelikde guramagynda 10-njy dekabrda bellenilýän Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli jemgyýetçilik pikir alyşmalary geçirildi.
Çärä Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary, şeýle-de milli we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar «Emeli aň we adam hukuklaryny goramak», «Howanyň üýtgemegi XXI asyrda adam hukuklary üçin iň uly çagyryş hökmünde», «Bilimde inklýuziwlik» ýaly mowzuklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Jemgyýetçilik çekişmelerinde talyplar her bir mesele boýunça garşy we taraplaýyn pikirlerini beýan etdiler.
Toparlaryň işini Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, milli edaralaryň hem-de halkara guramalarynyň wekillerinden düzülen eminler topary bahalady. Bahalandyrmakda delilleriň hil derejesi, söz ussatlygy, toparlaýyn işlemek başarnygy we çekişme medeniýeti göz öňünde tutuldy.
Guramaçylar bu çäräniň ýaşlarda tankydy pikirlenmäni, delillendirme başarnygyny ösdürmäge hem-de hormat goýmak medeniýetinde ara alyp maslahatlaşmak tejribesini döretmäge gönükdirilendigini bellediler.

