Ak tam Green Card lotereýasy maksatnamasyny togtatdy. Munuň sebäbi hökmünde Braun uniwersitetindäki atyşyga şübheli hasaplanýan adamyň ýurda hut şu lotereýany utmak bilen girendigi görkezilýär. Bu çözgüt ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň görkezmesi boýunça kabul edildi — diýip, Içeri işler howpsuzlygy ministri Kristi Noem habar berdi.
«Prezidentiň görkezmesine laýyklykda, men raýatlyk we immigrasiýa gullugyna DV1 maksatnamasyny derrew togtatmagy tabşyrdym. Amerikalylar bu zyýanly maksatnamanyň netijesinde mundan beýläk zyýan çekmeli däldirler» — diýip, Noem X sosial ulgamynda ýazdy.
Ministriň sözlerine görä, häkimiýetleriň Braun uniwersitetindäki wakada günäkär hasaplaýan adamy bolan 48 ýaşly portugaliýaly Klaudio Newis Walente 2017-nji ýylda immigrasiýa lotereýasynyň ýeňijisi hökmünde ABŞ-na gelipdir.
Braun uniwersitetindäki atyşyk Rod-Aýlend ştatynyň Providens şäherinde 13-nji dekabrda bolup geçdi. Şäher polisiýasynyň başlygy Oskar Peresiň beren maglumatyna görä, şu hadysada iki adam heläk bolup, ýene dokuz adam ýaralanypdyr.
Green Card (sözme-söz terjimesi — «ýaşyl karta», resmi ady — United States Permanent Resident Card) — ABŞ-da hemişelik ýaşamaga we ýurduň raýaty bolmadyk adamlara kanuny esasda işlemäge hukuk berýän şahsyýet resminamasydyr. Ony 1990-njy ýyllardan bäri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan geçirilýän ýörite lotereýa arkaly almak mümkindir. Lotereýanyň maksady ABŞ-da az wekilçilik edilýän ýurtlardan immigrantlary çekmekdir.

