Aşgabadyň «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde şu gün — 19-njy we ertir — 20-nji dekabrda senetçileriň Täze ýyl sergi-ýarmarkasy bolar.
Bu ýerde her kim özi, ýakynlary we dostlary üçin Täze ýyl baýramyna niýetlenen el işlerini sowgatlyk hökmünde saýlap bilerler.
Sergide bezeg şaý-sepleri, dokma önümleri, oýunjaklar we dürli aksessuarlar hödürlener. Bularyň ählisi Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny döretmäge kömek eder.
Sergi-ýarmarkasy «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň aşaky gatynda sagat 15:00-dan 21:00-a çenli aralykda geçiriler.

