Dokma önümçiligi ýylyň bütin dowamynda Lebap welaýatynda senagatyň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolup geldi. Bu depgin noýabr aýynyň jemlerinden soň hem saklanyp galdy diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri welaýatdaky dokma kärhanalarynda nah ýüplükleriň 415 million manatlykdan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12 göterimlik artyş üpjün edildi.
Ýüpek matalaryň önümçiligi bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady statistikalarynyň rekordyny özünde saklap gelýär. 11 aýyň jemi boýunça ýüpek matalaryň önümçiliginde 66 göterime golaýlyk artyş gazanyldy. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda şeýle matalaryň 249 müň inedördül metrden hem gowragy dokaldy. Munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden tas 100 müň inedördül metre golaý köpdügini görkezýär.

