14 — 18-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen boldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Saparyň dowamynda taraplaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gümrük hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak we ylalaşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu Meýilnama gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy, maglumat alyş-çalyşy, işgärleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýet Elektron deklarirleme merkezine, Russiýanyň gümrük akademiýasyna, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň Kinologiýa merkezine baryldy we bu edaralaryň iş tejribesi bilen tanyşyldy.

