21-nji dekabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralýan «Winter Cup 2025» intellektual bäsleşigi geçiriler. Ýaryş her birinde 12 sorag bolan iki tapgyrdan ybaratdyr.
Diňe hasaba alnan toparlar «2025-nji ýylyň gyşynyň iň oňat oýunçysy» diýen ady almak ugrunda bäsleşip bilerler. Oýnuň netijeleri boýunça iň ökde iki topar finala çykar.
Bäsleşik Arçabil şaýolunyň 41-nji jaýynda ýerleşýän «Angar» resto-klubynda geçirilýär. Başlanýan wagty: 12:00.
Ýaryşyň iş dilleri: türkmen we rus dilleri.

