Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Parahat» hususy kärhanasyna degişli bolan talh kärhanasy açyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, açylyş dabarasy welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaranyň dowamynda gutlag sözleri bilen çykyş edenler welaýatyň Bäherden etrabynyň Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan «Parahat» hususy kärhanasyna degişli talh öndürýän kärhananyň bu günki günde baýramçylyk joşguny bilen açylmagy, hem-de ýurtda giňden belleniljek Täze ýyl baýramy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylary gyzgyn gutladylar.
Dabarada kärhananyň gurluşyk işlerinde päk zähmetiň ýokary nusgasyny görkezen gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Döwrebap kärhananyň binalaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parahat» hususy kärhanasynyň buýurmasy esasynda bu hususy kärhananyň gurluşykçylary bina etdiler.
Kärhananyň umumy tutýan meýdany 3 gektara barabar bolup, ol ýerde döwrebap önümçilik bölümi, çig mal we taýýar önümler saklanýan ammarlar toplumy ýerleşýär. Döwrebap kärhanada 100-den gowrak adam täze zähmet gadamlary bilen yhlasly işleýärler. Olaryň öndürjilikli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.
Kärhananyň önümçilik bölüminde öndürilen önümler gaplara gaplanýar. Önümler kärhanada hereket edýän ýokary derejeli hil barlagyndan geçirilip, ondan soňra ýurduň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ak bazarlaryna ugradylar.

