Şu gün Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde «Gül zaman» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu kärhananyň binasyny «Gül zaman» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «NurMimar» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze suw arassalaýjy kärhananyň gurluş we işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Arassalanan agyz suwuny öndürýän kärhananyň umumy tutýan meýdany 3 gektara barabar bolup, ol ýerde suwuň düzümini arassalaýan önümçilik bölümi, önümçilik barlaganasy, çig mal we taýýar önümler saklanýan ammarlar toplumy ýerleşýär.
Döwrebap enjamlar arkaly arassalanan agyz suwlary kärhananyň önümçilik barlaghanasyna ugradylýar. Barlaghanada hil barlagyndan geçirilen dury we arassa agyz suwlary «Zamana», «Mermer» hem-de dürli atlar bilen owadan ýazgyly 0,3; 0,5; 0,75; 1,5 litrlik gaplara gaplanyp, ýurduň ähli künjegindäki söwda merkezlerine ugradylýar.
Döwrebap kärhanada 45 adam zähmet çekip, olaryň aglabasy ýaşlardyr. Olaryň öndürjilikli zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir.

