Erkekler we zenanlar toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň basketbol boýunça Kubogy ugrundaky ýaryş 19–28-nji dekabr aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçiriler. Ýaryşyň ähli duşuşyklaryna giriş mugt bolar. Bu barada Türkmenistanyň basketbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Zenan toparlarynyň ýaryşlary 19–23-nji dekabr aralygynda geçiriler. Ýaryşa alty topar gatnaşar: «Aşgabat», «Talyp sporty», «Baýramaly U17», «Lebap», «Binagýar» we «Galkynyş».
Erkekleriň arasyndaky ýaryş 24–28-nji dekabr aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Kubogy ugrunda sekiz topar bäsleşer: «Talyp sporty», «Aşgabat», «Daşoguz», «Maliýe», «Lebap», «MGSK», «Galkan» we «Binagýar».
Guramaçylar ähli basketbol muşdaklaryny ýaryşyň duşuşyklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

