«Lebapgazçykaryş» müdirligi tarapyndan 2025-nji ýylyň geçen 11 aýynyň jemleri boýunça tebigy gazyň 8 milliard 615 million 509 müň kub metri çykarylyp, meýilnamalaýyn tabşyryk 101,2 göterim ýerine ýetirildi. Şol sanda eksport ugry boýunça Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly degişli döwürde tebigy gazyň 4 milliard 750 million 6 müň kub metri ugradylyp, meýilnama 141 göterim amala aşyryldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Ýylyň başyndan bäri gaz kondensatynyň 28 müň 39 tonnasy öndürilip, meýilnama 108,7 göterim berjaý edildi. Kondensaty ýüklemek we sarp edijilere ýetirmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Bu babatda Gazojakdaky gaz kondensatyny saklaýan we ýükleýän bölümde ýokary netijeler gazanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, müdirligiň «Malaý» gaz gysyjy desgasy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly sarp edijilere ugratmakda möhüm ähmiýete eýedir. Kuwwatly gaz desgasynyň A böleginiň tehnologik hatary Malaý, Çartak, Täjibaý gaz känlerindäki gaz guýularyndan alynýan tebigy gaz bilen gaz gysyjy desgany uzakmöhletleýin esasda bökdençsiz üpjün eder.
Üçajy we Malaý gaz känlerinden harytlyk önüm ýokary basyşly Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi arkaly Hytaý Halk Respublikasyna ugradylýar.

