Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli iş tertibinde üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi.
2026-njy ýylyň 1‑3-nji ýanwary aralygynda konsullyk gullugy resminamalary resmileşdirmek boýunça arzalaryň kabul edilmegini wagtlaýyn togtadar. Ilçihananyň wekilleri işiň wagtlaýyn togtadylmagy bilen bagly ýüze çykyp biljek oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýarlar.
Resminama tabşyrmagy meýilleşdirýän raýatlara bu maglumatlary göz öňünde tutmak we konsullyk bölüme baýramçylyk günlerinden öň ýa-da arzalaryň kabul edilişi täzeden başlanandan soň ýüzlenmek maslahat berilýär.
Adaty iş tertibiniň täzeden başlanjak senesi barada ilçihananyň resmi saýtyndan ýa-da konsullyk bölüminiň aragatnaşyk telefonlary arkaly anyklap bilersiňiz.

