ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Iňlis dilini öwrenmek boýunça mümkinçilikleri ösdürmek maksatnamasyna (ELCD) gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi. Okuw kurslary hususy kompaniýalaryň işgärlerine niýetlenip, ýurduň alty şäherinde geçiriler.
Okuwlar göni görnüşde Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda geçiriler. Maksatnama 2026-njy ýylyň fewral aýyndan başlap şol ýylyň noýabryna çenli bolan döwri öz içine alýar. Kurslara gatnaşmak tölegsizdir.
Maksatnama halkara söwda, eksport önümleriniň öndürilişi, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak ýaly ugurlarda işleýän hünärmenlere gönükdirilendir. Bu başlangyjyň maksady hünär borçlaryny dil päsgelçiliksiz ýerine ýetirmek üçin iňlis dilini bilmek derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Görkezilen ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary bu okuwa gatnaşmaga çagyrylýar. Dalaşgärleriň saýlap almaklyk bäsleşik esasynda geçiriler.
Arzalar 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda sagat 23:59-a çenli onlaýn görnüşde kabul edilýär. Goşmaça maglumatlary elcd.tkm@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly alyp bilersiňiz.

