2025-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Lebap welaýatynyň çäginde 32 sany bank şahamçalary we 10 sany bank gulluklary hereket etmek bilen, müşderilere giň möçberli bank hyzmatlary hödürlenilýär.
2025-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna welaýatyň ykdysadyýetine siňdirilen karz goýumlarynyň möçberi 4 milliard 584,44 million manatdan ybarat bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 11,1 göterim artdy. Karz goýumlarynyň 28,5 göterimi döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara, 19,3 göterimi döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we telekeçilere, 52,2 göterimi şahsy taraplara berlen karzlaryň paýyna düşýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Bank habarlary» žurnalynda habar berildi.
Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, welaýatyň çägindäki banklar tarapyndan birnäçe amatlyklary bolan ýeňillikli bank karzlary berilýär.
Hasabat senesine karz goýumlaryň 1 milliard 462,18 million manady ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we satyn almak, 1 milliard 056,79 million manady oba hojalyk önüm öndürijilere önüm öndürmek we oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, 1129,12 mln manady sarp ediş maksatly karzlara, 498,64 mln manady önümçilik maksatlaryna, 383,60 mln manady gaýry maksatlara, 54,11 mln manady bolsa ýaş çatynjalara öý goşlaryny satyn almak maksadyna berlen karzlara degişlidir.

