Aşgabadyň Çepeçilik sungatynyň sergi merkezinde suratkeş Röwşen Annanyýazowyň 55 ýaşyna bagyşlanyp, onuň çeken suratlarynyň şahsy sergisi açyldy.
Röwşen Emirgulyýewiçiň ýakynlarynyň aýtmaklaryna görä, onuň ýüregi arassa, ýöne örän näzik hem kemli eken. Hut şonuň üçinem bu onuň wagtyndan ir aradan çykmagyna sebäp bolupdyr — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Sergini suratkeşiň gyzy — haly we gobelen sungatynyň ussady Çeper Durdyýewa gurady.
— Kakam öz eserleriniň sergisini halka görkezmegi ozaldan arzuw edýärdi — diýip, Çeper gürrüň berýär. — Ýöne ýetişmedi. Ýüregi çydamady. Şonuň üçin onuň arzuwyny men ýerine ýetirmeli boldum. Sergini geçirmäge ýardam beren Sergi merkeziniň ýolbaşçylaryna hem-de kakamyň döredijiligine baha bermek we onuň ýagty ýadygärligine hormat goýmak üçin şu gün gelenleriň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin.
R. Annanyýazowyň döredijiligi öz köptaraplylygy bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Eserleriň aglabasy abstraksiýa stilinde ýerine ýetirildi.
Olaryň arasynda «Hudaýyň hemme zady gören nazary», «Kosmos», «Dünýäniň döredilişi», «Ruhy dünýä» ýaly suratlary bar. Bu işler suratkeşiň çuňňur filosofik pikirlenişini görkezýär. «Ylham ýoly», «Kakamyň hojalygy» ýaly käbir suratlary bolsa simwolizm stilinde çekilendir.
Röwşen Annanyýazow döredijilik maşgalasynda dünýä inýär: onuň ejesi — at gazanan halyçy Jöwza Şahberdiýewa, ol belli edebi tankytçy Hally Şahberdiýewiň gyzy bolupdyr. Bu ýagdaý onuň hünär saýlamagyna hem täsir edipdir. Röwşen ilki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girýär, soňra bolsa Almaty şäherindäki sungat institutynda bilimini dowam etdirýär.
Ol bäş ýylyň dowamynda Döwlet sungat akademiýasynda talyplara dizaýn sungaty boýunça sapak berýär. Şeýle hem ol alty ýyl «Buig» türkmen‑fransuz gurluşyk kompaniýasynda eksterýer we interýer boýunça suratkeş bolup işleýär.
Suratkeşiň futuristik stilde döreden «Tebigatyň ýeňijileri» atly eserinde tebigatyň adam tarapyndan goralmagy ýaly umumyadamzat meselesi gozgalýar…
— XXI asyryň örän gyzykly suratkeşi — diýip, onuň döredijiligini Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyç Ýarmämmedow häsiýetlendirdi. Hakykatdanam, Röwşen Annanyýazow bütin ýer togalagynyň geljegine nazar aýlap, hem adama, şeýle hem tebigata duýduryş bermek, ýol görkezmek, goramak isläpdir.
Sergide suratkeşiň realizm stilde ýerine ýetiren köp sanly awtoportretleri görkezilýär. Çeşmede bellenilişi ýaly, ol biziň ýadymyzda hem şeýle ýaş we mylaýym keşbi bilen müdimilik galar.

