Şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.
Bu ýerde guralan dabara Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy. Dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Çäräniň dowamynda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy merkezde geçirilen çäräniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.
Soňra buýsançly waka mynasybetli dabaralar Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda dowam etdi.

