Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň golaýda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyndan soň, gaz üpjünçiliginden başlap, elektrik energiýasynyň importyna çenli giň gerimli meseleleri öz içine alýan ylalaşyklar gazanyldy. Bu barada Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Işewürler geňeşiniň prezidiumynyň agzasy hem-de Gyrgyz senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň prezidenti Danil Ibraýew aýtdy diýip, «Tazabek» saýty habar berýär.
Danil Ibraýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda iki ýurt energetika ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler.
«Häzirki wagtda Gyrgyzystan Türkmenistandan, takmynan, 5 milliard kilowat-sagat möçberinde elektrik energiýasyny import edýär, bu bolsa islegiň ýokarlanýan şertlerinde içerki zerurlygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär», — diýip, Danil Ibraýew aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ýeňil senagat we oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem göz öňünde tutýarlar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistandan Gyrgyzystana dokma çig malynyň eksportyny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Gyrgyzystanda ýerli kärhanalarda tikin önümçiligini ýola goýmak, taýýar önümleri içki bazarda hem-de beýleki ýurtlara satmak meýilleşdirilýär.
Danil Ibraýewiň sözlerine görä, taraplar pagta üpjünçiligini nähili ýola goýmalydygy we şol çig malyň esasynda Gyrgyzystanda dokma önümçiligini ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşýarlar.
Şeýle hem oba hojalyk önümlerini özara ibermek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistandan Gyrgyzystana pomidor iberilýär. Gyrgyzystan bolsa Türkmenistana ýeralma eksport edýär.

