Turkish Airlines awiakompaniýasy täze ýyl arzanladyş çäresine başlady. Onuň çäklerinde ýolagçylar Miles&Smiles milleri boýunça ykdysady synpdaky premial biletleri 30% arzanladyş bilen satyn alyp bilerler. Teklip 2025-nji ýylyň 12‑22-nji dekabry aralygynda bilet satyn alanlara 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwaryndan 15-nji maýyna çenli syýahat etmek üçin hereket edýär.
Habar berlişine görä, arzanladyş 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwaryndan 15-nji maýyna çenli uçuşlara degişli bolup, 20-nji martdan 13-nji aprele çenli bolan seneleri öz içine almaz. Arzanladyş çäresine gatnaşmak üçin biletleri Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi saýtynyň ýa-da ykjam goşundysynyň üsti bilen MILES30 promo‑kody görkezmek arkaly resmileşdirip bolýar.
Arzanladyş Turkish Airlines awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň giň halkara ugurlary boýunça umumy synpdaky promo‑premial biletlerine degişli bolup, Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň şäherlerini öz içine alýar. Promo‑kod bilen sargyt edilen biletlerde üýtgeşmeler kabul edilmeýär, şunda ähli howa menzil ýygymlary we salgytlar doly tölenmelidir.
Teklip diňe Turkish Airlines awiakompaniýasynyň yzygiderli uçuşlaryna degişli bolup, codeshare uçuşlaryna we Star Alliance hyzmatdaşlarynyň uçuşlaryna degişli däldir – diýip, awiakompaniýada düşündiriş berdiler. Arzanladyş boýunça biletleriň sany çäklidir, Miles&Smiles premial biletleriň kadalary bolsa öňküsi ýaly saklanýar.

