Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Migrantlaryň kontrabandasyna garşy göreşmek baradaky Global alýansyň ikinji Halkara maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda migrasiýa ýagdaýlary we adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak, olara ýardam etmek, döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara pikir alyşdylar.

