Täze ýyl saçagyny taýýarlamak indi has aňsat boldy — Pesto restorany islendik möçberde we islendik baha aralygynda baýramçylyk saçagyny taýýarlap bermek hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Müşderiler öz isleglerine laýyk taýynlanan taýýar nahar toplumlaryny sargyt edip, baýramçylyga taýýarlyk görmek bilen bagly aladalaryň ählisinden halas bolup bilerler.
Restoranda belleýişleri ýaly, Pesto Täze ýyl baýramçylygyny geçirmek üçin ajaýyp ýer bolup durýar. Her şenbe we ýekşenbe günleri bu ýerde janly aýdym-sazly çykyşlar we DJ‑şüweleňleri geçirilip, ähli ýaşdaky myhmanlar üçin baýramçylyk ruhuny döredýär.

Mundan başga-da, 15-nji dekabrdan başlap restoranda giňeldilen dynç alyş maksatnamasy hödürlener: her gün geçirilýän aýdym-sazly agşamlar, tematiki şüweleňler we täsirli çykyşlar bolar. Pesto Täze ýyly rahat we baýramçylyk gurşawynda garşy almak isleýänleriň hemmesini myhmançylyga çagyrýar.
Size amatly bolar ýaly şäher boýunça eltip bermek hyzmaty hem işleýär.
Restoran «Şapak» ýaşaýyş toplumynda, «Altyn asyr» halkalaýyn ýolunyň ugrunda ýerleşýär.
Sargyt etmek we eltip bermek üçin habarlaşmak:
+993 522 5‑53‑77
+993 522 5‑53‑88
+993 71 10‑10‑55
+993 63 39‑99‑39
E-poçta: restoranpesto@gmail.com
Sosial ulgamdaky sahypasy — hemişe täze täzelikler we datly teklipler!
Pesto – Datly eller restoranyna gelmegiňiz bilen, rahatlyk, datly tagam we myhmansöýerlik gurşawynda ýatdan çykmajak dynç alyşy özüňize sowgat edip bilersiňiz.

