2025-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 404,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada «LSM» gazak saýty habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň goňşy ýurda eksportynyň umumy agramy 2,3 esse artyp, 242,5 müň tonna, umumy bahasy bolsa 156,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. 10 aýyň dowamynda Türkmenistanyň gazak bazaryna şireli içgileriň eksportyny 8,4 esse, kükürt kislotasynyň eksportyny 4,1 esse, dürli ýuwujy serişdeleriň eksportyny 31 göterim artdyrandygyny bellemek gerek.
Ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Gazagystandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy bolsa 248,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,9 göterim azdyr. Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň türkmen bazaryna eksportynyň umumy agramy 29 göterim ýokarlanyp, 266 müň tonna ýetdi.

