Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni we ynsanperwer ugurlara aýratyn üns berip, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini tassykladylar.
Neda Bergeriň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandy nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda 2026-njy ýyl üçin meýilnamalary we taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem türkmen tarapy Neda Bergere Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere işjeň gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

