Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Biraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri D.Kendirbaýewa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň bilim ministri bilim özgertmeleri, orta mekdeplerde 12 ýyllyk möhlete geçilmegi, ýaşlara döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, bilim işini kämilleşdirmek, ýaşlary ylma we döredijilige ugrukdyrmak, ylmyň innowasion gazananlaryny we kämil tehnologiýalaryny okuw işine işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin beýan etdi. Bu barada Bilim ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri D.Kendirbaýewa hem şu okuw ýylyndan 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna geçilendigini aýdyp, Türkmenistanda bu tejribäniň 2013-nji ýylda ornaşdyrylandygyny göz öňünde tutup, bu ugurda toplanan tejribäni öwrenmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi. Myhman bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek maksady bilen bu teklipler boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak oňlanyldy. Duşuşykda ministr J.Gurbangeldiýew ýurtdda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Halkara matematika olimpiadasyna myhmany hem-de Gyrgyz Respublikasyndan okuwçylary, şeýle hem oktýabr aýynda geçirilýän halkara sergisine we ylmy maslahatyna, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylmagyna garaşylýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gyrgyzystanly kärdeşini hem-de goňşy döwletiň bilim işgärlerini we professor-mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk uly höwes bilen kabul edildi.

