Hindistanyň Hökümeti 12-nji iýunda ýurduň «Air India» awiakompaniýasynyň Ahmetabat şäheriniň eteginde ýere gaçan «Boeing 787-8 Dreamliner» uçarynyň pida bolan ýolagçylarynyň resmi sanawyny çap etdi. Bu barada NDTV teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
Gujarat ştatynyň saglygy goraýyş edarasyna salgylanan teleýaýlym heläkçilikde 275 adamyň gurban bolandygyny habar berdi, olaryň 241-si uçardaky ýolagçylar, ýene 34 adam ýerde gurban bolanlar.
Bu ilkinji resmi maglumatlar. Öň Hökümet jesetleri DNK ulgamy arkaly tanamak işi bilen baglylykda, maglumatlary çap etmekden saklandy. Ştatyň saglygy goraýyş edarasy jesetleriň ählisiniň betbagtçylygyň bolan ýerinden alnandygyny, 260 adamyň DNK boýunça, 6 adamyň ýüz-keşbi arkaly tanalandygyny habar berdi. Galanlary DNK boýunça seljermek dowam edýär.
Uçaryň ýykylymagynyň sebäbi heniz belli däl. Onuň «gara gutulary» öwrenilýär.
12-nji iýunda «Boeing 787-8 Dreamliner» uçary Ahmetabat şäherinden uçan dessine ýaşaýyş etrabyna gaçdy. Ol Londona uçuşy amala aşyrmalydy. Bu Hindistanda soňky onýyllykda iň köp adam pidalaryna getiren uçar heläkçiligi boldy.

