Russiýa Federasiýasynyň Perm sebiti (Пермский край) şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistana 839 kub metr agaç önümlerini eksport etdi. Munuň özi 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,25 esse köpdür. Şol döwürde sebit Türkmenistana 373 kub metr agaç önümlerini eksport edipdi. Bu barada sebitiň ykdysady ösüş we maýa goýumlar ministrligi habar berdi.
«2025-nji ýylyň ýanwarynda sebitiň «Rosselhoznadzor» gullugy Türkmenistana iberilýän 136 kub metr möçberindäki agaç önümleri üçin karantin fitosanitariýa barlagyny geçirdi. Ähli nusgalar Russiýanyň Ösümlikleriň karantini milli merkeziniň Perm şahamçasynda synagdan geçirildi. Netijede, agaç önümlerinde zyýanly organizmleriň ýokdugy we olaryň import edýän ýurduň talaplaryna laýyk gelýändigi tassyklanyldy. Barlaglaryň netijesinde fitosanitariýa güwänamalary berildi» diýlip, habarda bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, sebitiň kompaniýalary bu önümleri «Eksport» milli taslamasynyň çäginde türkmen bazaryna iberipdirler.

