Türkmenistanyň Bolgariýadaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Bolgariýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýelena Şekerletowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Bolgariýanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Ministriň orunbasary Ý.Şekerletowa Bolgariýa üçin Merkezi Aziýada we Hazar deňzinde möhüm hyzmatdaş bolup durýan Türkmenistan bilen dostlukly we konstruktiw gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde hem, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin 2019-njy ýylda kabul edilen strategiýasyna laýyklykda köptaraplaýyn görnüşde hem möhümdigini aýtdy.
Duşuşykda iki tarapyň hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky meýilleri tassyklanyldy.
Bolgariýanyň daşary syýasat edarasynyň wekili ýurduň energetika diwersifikasiýasyna ünsi çekip, bu babatda Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalara gyzyklanma bildirdi.
Şeýle hem söhbetdeşlikde halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, dünýä derejesinde durnuklylygy we parahatçylygy gazanmakda ileri tutulýan garaýyşlar we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

