Awazadaky «Soltan» restorany isleg bildirýänleriň ählisini ýyly deňizden hem-de datly aşhana tagamlaryndan lezzet almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrýar. Hazaryň mahmal möwsüm — dynç alşy deňziň kenarynda geçirmek üçin iň amatly döwür bolup, «Soltan» bolsa onuň gastronomiki bezegi bolmaga taýýardyr.
Restoran türk we Ýewropa aşhanalaryndan tagamlaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Myhmanlar süýjülikleriň dürli görnüşlerine baha berip, her hili kokteýllerden lezzet alyp bilerler.
«Soltan» restorany günüň bütin dowamynda açyk bolup, myhmanlara oňaýly atmosferada deňze görnüşlerini synlap ertirlik, günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyny edinmäge mümkinçilik berýär.
Restoran her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 (243) 5 90 50.
