Wengriýanyň paýtagty Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça ýetginjekler dünýä çempionatynda (WAKO) türkmen türgenleri bäş medal: bir altyn, bir kümüş we üç bürünç medal gazandylar. Bäsleşige 69 ýurtdan 3100-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň toparyndan bu ýaryşa 17 türgen gatnaşdy, olaryň bäşisi dürli bölümlerde üstünlik gazanmagy başardy diýip, — «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
«Kik-laýt» bölüminde 37 kilograma çenli agram derejesinde Jasurbeg Ahmedow dört gezek ýeňiş gazanyp, altyn medal gazandy. 51 kilograma çenli agram derejesinde üç gezek tutluşyga çykan Serdar Bekenow kümüş medalyň eýesi boldy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bürünç medala mynasyp boldular.

