Şri-Lankanyň Ýabany tebigaty goramak edarasy ýurtdaky ähli ýabany pilleriň baş ýazuwyny geçirdi. Bu barada «Daily Mirror» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Pilleriň umumymilli baş sanynyň ýazuwy 17-19-njy awgust aralygynda guraldy, munuň üçin pilleri hasaba alyş nokatlarynyň 3130 sanysy döredildi.
Pilleriň ýazuwyna ady tutulan edaranyň, beýleki döwlet edaralarynyň, howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri, hususy pudagyň wekilleridir meýletinçiler gatnaşdylar. Ýazuw Aýyň ýagtysynda, elektron fonarlar ulanmazdan geçirildi. Hünärmenler fonarlaryň pilleriň sürüsini birahat edýändigini gürrüň berýärler.
Şri-Lankada soňky gezek 2011-nji ýylda geçirilen ýabany pilleri sanamak tutumy olaryň 5879 sanysynyň bardygyny görkezdi. Ondan bäri tok urmagy, otly bilen çakyşmak, şeýle-de bikanun awçylaryň işi netijesinde köp pil heläk boldy. Hökümetiň maglumatlary gyýakly pilleriň has-da ýurduň Anuradhapura ülkesinde köp pida bolandygyny görkezýär.

