Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň gümrük administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada «Azertaj» habar berdi.
Duşuşykda gümrük gullugynda maglumat alyşmak, özara administratiw kömek we gümrük amallaryny sanlaşdyrmak ýaly işleriň sebit hyzmatdaşlygyndaky ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleri hem gatnaşdy.
YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Mohsen Esperi gümrük hyzmatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenmeginiň sebitde söwda we ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşýandygyny aýtdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar YHG-nyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylar geňeşiniň öňki mejlisinde kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine-de garadylar.
