

22.11.2025
1658

01.11.2025
8734

31.05.2025
25796

23.05.2025
22016
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi 2019-njy ýylyň 29 — 31-nji awgusty aralygynda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergini we «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahaty geçirýär.
Guramaçylyk topary Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagtlary:
29-njy awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
30-njy awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
31-nji awgustda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-47-26, 44-47-56.
Guramaçylyk topary.