
22.11.2025
1665

01.11.2025
8736

31.05.2025
25801

23.05.2025
22021
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 9 — 10-njy oktýabrynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisini we maslahaty, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny we taryhy ýadygärliklerini giňden tanyşdyrýan syýahatçylyk forumyny geçirýär
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
9-njy oktýabrda sagat 10:00-dan — 18:00-a çenli;
10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan — 15:00-a çenli.
Sergi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Seýrana» myhmanhanasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-25-84, 95-73-54.