

22.11.2025
1665

01.11.2025
8736

31.05.2025
25801

23.05.2025
22021
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrligi 2018-nji ýylyň 6 — 8-nji sentýabry aralygynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
6-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
7-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
8-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-85-(84)-(83)-(82)-(81)-(38).