

22.11.2025
1645

01.11.2025
8726

31.05.2025
25789

23.05.2025
22002
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi 2018-nji ýylyň 26 — 27-nji apreli aralygynda «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahaty we halkara sergi-ýarmarkany geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
26-njy aprel sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
27-nji aprel sagat 10.00-dan 16.00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-70, 39-88-81-(82)-(83)-(84)-(85)-(86).