

22.11.2025
1632

01.11.2025
8720

31.05.2025
25771

23.05.2025
21987
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 17—18-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň X ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisini geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
17-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
18-nji martda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-85-(84)-(83)-(82)-(81)-(38).