

22.11.2025
1632

01.11.2025
8720

31.05.2025
25771

23.05.2025
21988
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2017-nji ýylyň 2—4-nji dekabrynda Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisini geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, Türkmenistanyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagtlary:
2-nji dekabrda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
3-nji dekabrda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
4-nji dekabrda sagat 10.00-dan 15.00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlary: 39-88-87-(86)-(83), 39-89-49.