

22.11.2025
1635

01.11.2025
8722

31.05.2025
25778

23.05.2025
21995
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergini we maslahaty geçirýärler
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
1-nji noýabrda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
2-nji noýabrda sagat 10.00-dan 15.00-a çenli.
Sergi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Seýrana» myhmanhanasynda geçiriler
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-87-(86)-(83), 39-89-49.