Daşary ýurtly ýolbaşçylardan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlary gelýär

05:3727.03.2024
0
9761

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan Halkara Nowruz güni hem-de Oraza aýy mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Bu barada TDH habar berýär.

"Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlaglarda şeýle diýilýär:

"Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu nurana günlerde biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädimleriň ädiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymy beýan etmek bilen, işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin" diýip, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili hatynda ýazýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatynda şeýle diýilýär:

"Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň ähli halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Nowruz baýramy dost-doganlygyň, parahatçylygyň we jebisligiň, tebigatyň täzeden janlanmagynyň nyşanydyr. Ol türki halklaryň ýurtlarymyza asudalyk, parahatçylyk, saglyk getirýän gadymy däp-dessurydyr.

Bu nurana baýramyň Size bagtyýarlyk getirmegini arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýene-de bir gezek beýan edýärin".

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy Ýewgeniýa Gusul Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda:

"Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlaýaryn. Nowruz tebigatyň gaýtadan janlanmagynyň we täzelenmeginiň buşlukçysy bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu ajaýyp baýram nurana geljegi alamatlandyrýar.

Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin. Goý, bu bahar baýramy mähir we şatlyk paýlasyn hem-de ýakymly ýatlamalara, dostlukly söhbetdeşliklere, köňül rahatlygyna beslensin!

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin!" diýip ýazýar.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna gelen gutlag hatlarynyň ýene birinde:

"Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy" diýilýär.

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund bolsa Türkmenistanyň Prezidentine ýollan gutlag hatynda:

"Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýäniň ähli musulmanlary üçin doga-dileg edilýän hem-de sadaka berilýän şu mukaddes günlerde Beýik Biribardan bagtyýarlyk, agzybirlik, abadançylyk dileýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş dileg edýärin" diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň