«Zyýat Hil»: tortuň bezegi — döredijilik meýdany

0
14964

Tort bişirilende onuň özboluşly dizaýnyny döretmek — bu süýjüligi taýýarlamagyň iň esasy bölegidir. Munda adaty aňsat bezegleri ulanmagyň manysy ýok, tersine her bir tort tagamlardan, reňklerden we şekillerden döredilen özboluşly eser ýalydyr.

«Zyýat Hiliň» baş konditeri tortlaryň bezegini döretmegiň häzirki döwürde iň giňden peýdalanylýan, meşhur trendleri barada gürrüň berdi.

Mastika — bu diňe bir adaty maýyşgak garyndy däl-de, süýji gözellikleri döretmegiň özboluşly guralydyr. Ondan ajaýyp figuralary döredip, tortuň şekilini çeýe görnüşde üýtgedip bolýar. Ol tortdan hakyky sungat eserini döretmäge ýardam edýär. Onuň iki hili görnüşi bolýar:

  • figuralar üçin: berk, göwrümini saklaýar, ondan has kiçijik bölejik şekilleri hem ýasap bolýar;
  • örtmek üçin: bir görnüşli, süýnýän şekilde, çekilende hem bölünmeýär, tortuň üstünde tekiz we laýyk ýazylýar.

Miweler we ir-iýmişler — torty bezemegiň ýönekeý, ýöne örän täsirli usulydyr. Malina, ýertudana, çernika, injir, smorodina, üzüm — bu miweler bilen tortuň bezelmegi diňe bir işdäaçar bolman, eýsem süýjüligiň tagamyny artdyrýar, olaryň biri-biri bilen sazlaşygynda täze tagam döreýär. Bezeg üçin ter, karamelizirlenen, doňdurylan ýa-da guradylan miweleri ulanyp bilersiňiz.

Süýjüler. Tortlaryň kökeler bilen bezelýän mahallary az däldir. Bu kökeler hem täsin nagyşlar bilen bezelýär. Bezeg üçin niýetlenilýän kökeler, adatça aýratynlykda bişirilýär, bu bolsa konditeriň öz ideýasyny doly amala aşyrmagyna mümkinçilik berýär. Wafli kiçi göwrümli bezegler bilen birlikde, uly göwrümli tortlary döretmek üçin hem laýyk gelýän süýjülikdir.

Güller. Adaty ýa-da iýip bolýan gülleri tort bezeginde ulanmak täsin hem-de gaýtalanmajak desertleri döretmek üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar. Adaty ter güller bilen bezemek tortuň näzik we özüne çekiji bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, ter güller ulanylanda olaryň zäherli däldigini we himiki taýdan gaýtadan ösdürip ýetişdirme ýagdaýyny anyk bilmek möhümdir.

Emma marsipandan ýa-da fondantdan taýýarlanan iýilýän güller diňe bir deserti bezemek bilen çäklenmän, eýsem onuň datly tagamynyň hem üstüni ýetirýär.

Ombre — konditer önümleri dünýäsinde hakyky sungatdyr. Bir reňkiň başga bir reňke bildirmezden geçip gitmegi, «akwarel» täsirinden has tapawutly bolup, tortlarda özboluşly we geň-enaýy nagyşlary döredýär.

Ombreniň görnüşleri:

  • dik ombre: reňkler tortda beýikligine, garadan aga ýa-da açyk reňkden ýapyk reňke öwrülip, nusgawy görnüşi emele getirýär.
  • kese ombre: reňkler tolkunlaryň ýa-da zolaklaryň täsirini döredip, tortuň üstünde ýaýraýan ýaly döredijilikli çemeleşmäni döredýär.

«Zyýat Hiliň» tekjelerinde ýerleşdirilen her bir ajaýyp desertiň aňyrsynda iň täsirli ideýalary ussatlyk bilen durmuşa geçirýän ussat konditerleriň irginsiz zähmeti durýar.

Ähli zehinlerini we ussatlyk tejribelerini siňdirmek bilen, «Zyýat Hiliň» konditerleri tortuň goşundylaryny üns bilen saýlap alýarlar, kremleri seresaplylyk bilen taýýarlaýarlar, kökelere we tortlara şekil berýärler, şeýdibem bu süýjülikleri hakyky sungat eserlerine öwürýärler.

«Biziň konditer dükanlarymyzda ýetirilýän her bir desert — bu datly tagamyň dilinde gürrüň berlen gaýtalanmajak wakadyr. Agzyňda eräp gidýän näzik musslar, kitirdäp duran biskwitler, hoşboý ysly miweler we ir-iýmişler — bularyň ählisi tagamyň gaýtalanmajak simfoniýasynda sazlaşygy döredýärler, hakyky lezzeti berýärler» — diýip, «Zyýat Hiliň» baş konditeri gürrüň berýär.

«Zyýat Hil» dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: british-bakery.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar