Soňky habarlar

Arhiw

Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary mälim edildi

12:2402.05.2024
0
9067
Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary mälim edildi
Surat: newscentralasia.net

29-30-njy aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti daşky gurşawy goramak we sanly özgertmeler boýunça döwlet işgärleriniň ýolbaşçylygyndaky Wena şäherinde geçirilen ÝHHG-niň 31-nji ykdysady we daşky gurşaw forumynyň ilkinji taýýarlyk mejlisine gatnaşdy

«Sanly innowasiýa arkaly ÝHHG-niň sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy ösdürmek» atly tema geçirilen bu mejlis Türkmenistana degişli ugurdaky iň soňky maglumatlary paýlaşmak we daşky gurşawy goramak babatdaky möhüm meselelerde öňe gidişlik gazanmaga mümkinçilik berdi. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili Mergen Ýusupow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli strategiýalar, ählumumy we sebitleýin şertnamalara we başlangyçlara gatnaşmak arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky tagallalar barada çykyş etdi. ÝHHG-niň sebitindäki ýurtlaryň arasynda gepleşikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm orny hem-de Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli ýygnagyň daşky gurşawy goramagy güýçlendirmekde uly ädim bolandygyna ünsi çekdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek başlangyjy barada maglumat berildi. Bu düzümiň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň zyýanly täsirini gowşatmak, sebitde sanlylaşdyrmagy we mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin merkez bolup hyzmat etmegi maksat edinilýär.

Umuman, türkmen wekiliýetiniň agzalan mejlise gatnaşmagy ýurduň daşky gurşaw meselelerini çözmekde işjeň ornuny görkezip, Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek we Älumumy metan borçnamasyna goşulmak ýaly innowasion çemeleşmeler hödürlenildi. Bu tagallalar Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaklyga we sebitde durnukly ösüşi gazanmaklyga ygrarlydygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň