Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öndürildi. «Şir Ýag»: çalgy ýaglarynyň täze nesli

0
19641

«Şir Ýag» kärhanasy nähili iş alyp barýar?

— «Şir Ýag» — bu Türkmenistanda çalgy ýaglaryny öndürýän hususy kärhana bolup, 2020-nji ýylda döredildi. 2024-nji ýylda «Şir Ýag» kärhanasynyň täze zawodynyň açylyp işe girizilmegi kärhana üçin diňe bir möhüm waka bolman, eýsem türkmen çalgy ýaglary bazaryny ösdürmekde hem täze sahypany açdy.

Günde 80 tonna, ýylda bolsa 20 000 tonna kuwwatlykly, ýapyk meýdany 2700 m2 we umumy meýdany 25 000 m2 bolan zawodymyz Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýär.

Nähili önümleri öndürýärsiňiz?

— Häzirki tapgyrda «Şir Ýag» bellige alnan haryt nyşany bilen önümleriň 6 toparyny, ýagny jemi 25 görnüşli önüm öndürýäris. «Şir Ýag» önümleriniň köpdürli görnüşde bolmagy çalgy ýaglaryna isleg bildirilýän dürli pudaklardan bolan müşderiler bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.

Çalgy ýaglarynyň görnüşlerini sanap beräýiň.

— «Şir Ýagyň» önüm görnüşleriniň hataryndan türkmenistanly awtoulag sürüjileri şu hili çalgy ýaglaryny tapyp bilerler:

• ýolagçy awtoulaglarynyň we ýeňil ulaglaryň hereketlendirijileri üçin;
• agyr ýükleri göteriji söwda ulaglary üçin;
• dişli geçirijiler we transmissiýa üçin;
• oba hojalygynyň ulaglary üçin;
• gidrawlika ulgamy üçin;
• senagat çalgy ýaglary.

Öňde nähili maksatlary goýýarsyňyz?

— Biziň esasy maksatlarymyz:

Türkmenistanda import edilýän çalgy ýaglaryna bolan zerurlygy azaltmak.
Türkmen we halkara standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürmek.
Türkmen çalgy ýaglarynyň halkara brendini döretmek.

«Şir Ýag» önümleriniň hiline nähili gözegçilik edilýär?

— Öndürilýän önümleriň ählisi tejribehanamyzda Türkmenistanyň Döwlet standartlaryna (TDS) we ASTM hem-de DIN ýaly standartlara laýyklykda ünsli seljerilýär. Önümler diňe standartlara laýyk gelenden soň gaplanylýar.

Geljekki ösüşleri nähili meýilleşdirýärsiňiz?

— Müşderilerimiziň isleglerini has göwnejaý kanagatlandyrmagy maksat edinip, ýadawsyz işleýäris. Bu biziň ilkinji nobatdaky wezipämiz.

Täze has täsirli çözgütleri döretmek üçin gözleg we işläp taýýarlama işlerine maýa goýýarys. Şeýle hem önümlerimiziň ýokary hilini üpjün etmek üçin ösen tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ulanýarys.

«Şir Ýag» önümleriniň görnüşleri bilen kärhananyň siryag.com resmi web saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar