Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

06:0629.04.2024
0
14586
Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
Surat: rais.tatarstan.ru

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny öz adyndan we «Russiýa — Yslam dünýäsi» Strategiki garaýyş toparynyň adyndan türkmen halky üçin möhüm sene bolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mundan başga-da, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin Gahryman Arkadaga minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda söhbetdeşler ýakyn wagtda Kazanda geçiriljek forumlary barada hem pikir alyşdylar. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň wekiliýetini «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» ýubileý XV halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň