Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutlady

06:1410.05.2024
0
8674

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mihail Mişustinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen gutlag hatynda Mihail Mişustin şeýle belleýär:

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýeňiş güni Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin söweş meýdanlarynda nasizme garşy göreşen hem-de tylda tutanýerli zähmet çekip, Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyran gahrymanlaryň ýatlanylýan günüdir. Biziň ata-babalarymyz gazaply kynçylyklara döz gelip, geljek nesilleriň parahat durmuşynyň goragynda durdular. Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan doganlygynyň we birek-birege goldaw bermeginiň asylly däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň