2026-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda sagat 18:00‑da paýtagtymyzda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň Täze ýyl konserti geçiriler.
Konsertiň maksatnamasynda «Klon», «Santa‑Barbara», «Brigada» we «Sprut» ýaly meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlanar. Şeýle hem «Leýla», «Uzak Şeher», «Eşref we Ruýa», «Çukur» we «Kara Sewda» ýaly türk teleseriallarynyň sazlary hem ýerine ýetiriler.
Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow, aýdymçy Aýna Baýramgeldiýewa hem-de ýaş kompozitor‑pianinoçy Gulgeldi Gatyýew çykyş ederler. Dirižýor hökmünde Eziz Jumanyýazow çykyş eder. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow konsertiň alyp baryjysy bolar.
Maglumatlary almak we biletleri sargyt etmek üçin telefon belgisi: +993 61 23 52 34.

