Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerini makulladylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.
«Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerini makullaýarys. Bu işler ynam, özygtyýarlylyga hormat goýmak, bitaraplyk we goşulyşmazlyk ýörelgelerine esaslanýan bilelikdäki parahatçylygyň döwrebap düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilendir we ösýän ählumumy howpsuzlyk gurluşynyň tapawutlyklaryny aradan aýyrýan, garşy durmakdan has wajyp bolan parahatçylykly ýaşamagy ileri tutýan amaly mehanizmler bilen doldurmak üçin niýetlenendir» diýlip, Jarnamada bellenilýär.
Forumyň gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini, Goşulyşmazlyk Hereketini we beýleki sebit we halkara guramalary Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen, BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelerdir maksatlar esasynda Bitaraplyga esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek we öňe sürmek boýunça dowam edýän tagallalary ylalaşyga gelmegiň, köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmegiň binýady hökmünde makullanylmagyna çagyrdylar.
Resminamada Bitaraplygyň hemişelik we işjeň görnüşinde parhsyzlygy däl-de, eýsem, jogapkärçiligi özünde jemleýändigi, gapma-garşylyklaryň öňüni almagy, bitaraplygyň, hoşniýetli hyzmatlaryň, araçylygyň we ynamy berkitmegiň üsti bilen halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine ähli taraplar bilen netijeli gatnaşygy saklap, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga yzygiderli ygrarlydygy ykrar edilýär.
Şeýle-de foruma gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň çäklerinde ählumumy çäreleri başlap we durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar etdiler.

